Owazy äleme ýaýran dutarym

Biziñ ebedi milli gymmatlyklara baý merdana halkymyz bar. Asyrlaryñ dowamynda dilden-dile, elden-ele, halypadan şägirde geçip gelen milli gymmatlyklarymyz üstünden ençeme külpetleri, ýeñişli-ýeñlişli ýollary geçirendigine garamazdan, öz gymmatyny ýitirmän biziñ günlerimize çenli saklanyp gelýär. Gahryman Arkadagymyzyñ taýsyz tagallasy bilen milli senedimiz bolan dutar bu günki gün bütin dünýäde ykrar edildi, ýagny dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyñ Adamzadyñ maddy däl medeni gymmatlyklarynyñ sanawyna girizildi. Bu bolsa Halypa Arkadagymyzyñ türkmen medeniýetine, sungatyna goýýan çäksiz hormatyndan nyşandyr.

Bu şatlykly habaryñ buşlugynyñ halkymyza gowşan gününden başlap, ýurdumyzyñ ähli ýerlerinde toý-baýramlaryñ tutumy uludan tutulýar. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyñ uly zalynda professor mugallymlardyr talyp ýaşlaryñ gatnaşmagynda Dutar sazy-dünýäniñ ykrarnamasy” atly dabaraly maslahat geçirildi. Dabara A. Çaryýewiñ sazyna, G.Şagulyýewnyñ sözlerine döredilen “Halkyñ Arkadagly zamanasy” atly şowhunly aýdym bilen başlandy. Dabaranyñ barşynda edilen täsirli çykyşlardyr aýdym-sazlar oña gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy. Halypa mugallymlar Akmyrat Çaryýewiñ, Şemşat Hojaýewanyñ halypalarymyzy ýatlap beren gyzykly gürrüñleri biz-talyp ýaşlaryñ ýüregimizde öz hünärimizi kämilleşdirip, geljekde türkmen sungatynyñ parlak ýyldyzlary bolup ýetişmäge bolan ajaýyp arzuwlary oýardy. Şeýle tolgundyryjy gürrüñleriñ yzy aýdym-saza ýugrulyp, dabara gatnaşyjylara aýratyn lezzet paýlady. Türkmenistanyñ at gazanan bagşysy Garýagdy Saryýewiñ ýerine ýetiren “Owadan gelin” diýen türkmen halk aýdymy, Türkmenistanyñ at gazanan artisti Aýgül Ýagşyýewanyñ çalyp beren “Ol daglaryñ atly halk sazy dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Dabaranyñ ahyrynda ýokary okuw mekdebimiziñ “Bagşy” hünariniñ talyp oglanlary N. Baýramowyñ döreden “Arkadagym bar” atly aýdymyny ýerine ýetirdiler. Bu aýdym ýaş nesilleriñ adyndan Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri bolup ýañlandy.

.

Jemal Saparowa,

Maýa Kulyýew adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
Bagşy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok