Berkarar Watanymyzda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen birlikde maýa goýum syýasatynda hem oňyn netijeler gazanylýar, ähmiýetli özgerişlikler amala aşyrylýar. Alnyp barylýan bu maýa goýum syýasaty ykdysadyýetiň ýokary ösüş depgininiň hem-de netijeliliginiň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Bu ugurda öňde durýan möhüm meseleleri çözmekde, ykdysadyýetiň pudaklaryny toplumlaýyn özgertmek arkaly ösüşleri gazanmakda, ylmy-tehniki binýady has-da berkitmekde täzeçe usullary ornaşdyrmakda zerur bolan ädimler ädilýär. Ýurdumyzda işjeň maýa goýum syýasatyny dowam etdirmek, Watanymyzy senagat taýdan ösdürmek, ylym-bilime, kämil innowasiýalara daýanýan sanly ykdysadyýeti ýola goýmak arkaly degişli çäreler durmuşa geçirilýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösürmegiň Maksatnamasyndan” ugur alnyp, maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny öz wagtynda taýýarlamak we ony alyp barmak möhüm mesele bolup durýar. Şol nukdaýnazardan hem, döwletimiziň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmeklige aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, döwletimiziň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmegi, üstaşyr mümkinçilikleri, baý tebigy serişdeleri, ekologiýa taýdan arassa hem-de bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge bolan mümkinçiligi ýaly artykmaçlyklaryndan ugur alýar. Garaşsyz döwletimiziň sebitiň, şol sanda yklymyň wajyp ulag-logistik ulgamyna öwrülmegi-de buýsandyryjy ýagdaýdyr. Türkmenistan döwletimizde alnyp barylýan maýa goýum syýasatynyň aýratynlyklarynyň biri-de talabalaýyk kanunçylyk biýadynyň bolmagy bilen baglanyşyklydyr.
Milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýadarlaryny maksady bilen diýarymyzda hereket edýän bank edaralary ençeme daşary ýurt maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmekde örän uly tejribe toplady. Hormatly Arkadagymyzyň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasaty netijesinde zerur bolan maýa goýumy döretmek, ýurdumyzyň çäginde taslamalary durmuşa geçirmekde halkara kompaniýalarynyň gatnaşmagy üçin möhüm şertler döredilýär. Täze önümçilik kuwwatlyklaryna maýalaryň goýulmagy halk hojalygynyň pudaklarynyň ösüş maksatnamalarynyň öňe ilerlemegine itergi bermäge, önüm öndürijileri we hususyýetçileri goldamaga ýardam edýär. Şeýle-de ykdysadyýetiň pudaklaryna dünýäniň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryny, baý tejribesini ornaşdyrmakda, goşmaça iş orunlaryny döretmekde, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalary hem-de obýektleri gurmakda döredilýän mümkinçilikler döwletimiziň içinden we daşary ýurtlardan çekilýän maýa goýumlarynyň ähmiýetiniň ýokarylygyny alamatlandyrýar.
Merjen ÝARAŞOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Teswirler