Danalardan dürdäneler

  • Mylaýymlyk şatlyk we söýgini yzyna tirkäp gelýär. Abraý-mertebe mylaýymlyk bilen gazanylýar.
  • Üstünlikleriň möhüm syry özüňe ynanmakdyr.
  • Ikiýüzli adam, illeriň howlusyna zyňylan agaç gyryndysy ýalydyr. Ondan ne gapy, ne galam, ne terezi ýasap bolýar.
  • Beýik minara hem basgançak bile çykylýar.
  • Dogumlylyk – bu gaharyň gelende sypaýy, başardygyňça hem geçirimli bolmaklykdyr.
  • Birinji iligi ters ildiren hiç iligini hem dogry ildirmez.
  • Agzyňa gelenini aýdyberme, aklyňa gelenini aýt.
  • Bagty gözleýän adam öýüni gözleýän serhoşa meňzeýär. Ol öýüni tananok, ýöne öýi bar.
  • Kütek zehini çarha tutanyň peýdasy ýok.
  • Asmanyň reňkiniň ähli ýerde hem birmeňzeşdigini anyklamak üçin dünýäni aýlanmak hökman däl.
  • Men ýaşamak üçin okamok, okamak üçin ýaşaýaryn. 
  • Aglasada diňe çaga aglasyn. Ukudan turanyn bildirmek üçin.
  • Öz çagalaryňa dymmagy öwret, gürlemegi olaryň özleri öwrener.
  • Telpek näçe könede bolsa başda, köwüş näçe täze bolsada, aýakda bolmalydyr.
  • Döredijilikde bir adamdan ogurlamak ogurlyk, köp adamdan ogurlamak ylmy gözleg.

Enejan ÇARYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok