Hormatly Arkadagymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler, ýetilýän sepgitler bagtyýar durmuşy, dünýäde dostlukly gatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylygy ündeýän ýörelgäniň esasynda durmuşa geçirilýär. Hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen dünýäde ýeke-täk döwlet bolan ata Watanymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty dünýäde parahatçylygy, doganlygy, durnukly özgerişi şöhlelendirmekde ähmiýetli orny eýeleýär. Ýüzümiziň tuwagy bolan ýaşyl Tugumyzda hem parahatçylygyň nyşany hasaplanylýan zeýtun şahajygynyň ýerleşdirilmegi Hemişelik Bitaraplyk derejämizden habar berýär. Oňyn özgertmeleriň durmuşymyza ornaşýan döwründe ýurdumyzda “Açyk gapylar” syýasaty üstünlikli dowam etdirilýär. Beýleki halklar bilen hormat-sarpany saklamak esasynda dostana gatnaşyklar has-da berkeýär, has-da rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän oňyn Bitaraplyk syýasaty ýurdumyz bilen dünýä halklarynyň arasynda mizemez dostluk köprüsini gurýar. Baky Bitaraplygymyz döwletimiziň ýöredýän ynsanperwerlik, parahatçylyk ýörelgeleriniň mizemezligini dabaralandyrýar. Gahryman Arkadagymyz dünýä halklarynyň parahatçylyga, ynanyşmaga ymtylýan döwründe diňe bir milli bähbitlerimize däl-de, eýsem halkara bileleşiginiň ählumumy maksatlaryna laýyk derejede döwlet syýasatyny ýöredýär. Öz gözbaşyny türkmeniň medeni mirasyndan alyp gaýdýan hemişelik Bitaraplyk derejämiziň sözüň doly manysynda nusgawy Bitaraplykdygyny we onuň Ýer ýüzünde giňden dabaralanýandygyny döwür aýdyň subut edýär. Ýurdumyzyň netijeli halkara syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen berkidilmegi şol taryhy ýoluň uly ähmiýetli wakasydyr. Ösüşiň belent, täze sepgitlerini we umumadamzat bähbitlerini nazarda tutup, dünýäniň ençeme abraýly halkara guramalary bilen köpugurly oňyn hyzmatdaşlygy ýola goýdy. “Kyýamat güni goňşudan” diýlişi ýaly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary alyp barmaklyk, ynsanperwerlik goldawyny bermekligiň özi-de döwletlilikden, dostanalykdan nyşandyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde ejize ganym bolmazlyk, goňşyňa, ýakynlaryňa ýardam-hemaýat bermeklik ýaly düşünjeler hakynda giňişleýin söz açylýar. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda berkarar döwletimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda hem şol düşünjeler ýatyr.
Goý, parahatçylygy dünýä ýaýýan, mähriban halkymyzyň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Alyp barýan adyl hem-de ynsanperwer döwlet syýasatynyň dowamaty dowam bolsun!
Hamra ÝULDAŞEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 5-nji ýyl talyby.
Teswirler