Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynda 2021-nji ýylyň syýasy-ykdysady we medeniýet ugrlarynda Türkmenistanyň ösüşiniň netijelerine bagyşlanan metbugat ýygnagy geçirildi. Geçirilen brifinge Türkiýäniň Prezidentiniň geňeşçisi Ýalçyn Topçy we Türkiýe-Türkmenistan dostluk toparynyň başlygy, Türkiýäniň Adalat we ösüş partiýasynyň deputaty Ybraýym Aýdemir hem-de KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. Bu baradaky habary Orient.tm belläp geçýär.
Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Amanlyýew öz çykyşynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny uly joşgun bilen belländiklerini aýtdy.
Amanlyýew, 2021-nji ýylda ýurduň tebigy gaz önümçilik derejesi 83 milliard 772,9 million kub metre ýetendigini nygtady we Türkmenistanyň tebigy gaz önümçiligi boýunça dünýäde 4-nji orunda durýandygyny aýdyp öz sözüniň üstüni ýetirdi.
Isgender ABDULLAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby.
Teswirler