Agajan Bekmyradow Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärlige hödürlenildi

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda 12-nji martda möhletinden öň geçiriljek Türkmenistanyň Prezident saýlawlaryna dalaşgärleri hödürlemek işleri dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda saýlawlara ýokary derejede taýýarlyk görülýär.

Şu gün Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň nobatdan daşary IV gurultaýy geçirildi. Onda 12-nji martda möhletinden öň geçiriljek Türkmenistanyň Prezident saýlawlaryna Türkmenistanyň Agrar Partiýasyndan Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärlige hödürlenildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok