12-nji martda möhletinden öň geçiriljek Türkmenistanyň Prezident saýlawlaryna gözegçilik etmek boýunça, Türkmenistanyň hökümeti Garaşsyz döwletler arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň Parlamentara Assambleýasyna çakylyk haty ýollansa bu meselä sereder.
Demoktratiýanyň, parlamentarizmiň ösüşine gözegçilik etmek we GDA agza ýurtlaryň Parlamentara Assambleýasynyň raýatlarynyň hukuklaryny goramak boýunça halkara institutynyň direktory Iwan Muşket TASS agentligine Türkmenistanda saýlawlaryň geçiriljek senesi barada beren beýanatynda: “Islendik döwlet saýlawlara ýa-da sala salşyklara gözegçilik etmek üçin GDA agza ýurtlaryň Parlamentara Assambleýasyna çakylyk iberip biler” diýip, belläp geçdi.
Iwan Muşket guramanyň synçylarynyň ozal Türkmenistandaky saýlaw proseslerine gözegçilik edendiklerini hem nygtap geçdi. Şeýle-de Muşket guramanyň Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary bilen saýlaw prosesini kämilleşdirmek boýunça toplan tejribesini paýlaşmaga taýýardygyny aýtdy.
Teswirler