Garaşsyz Türkmenistanyň suw diplomatiýasy

Döwlet Baştutanymyz suwdan oýlanyşykly peýdalanmak boýunça başlangyçlar bilen çykyş edip, suw syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol syýasat oňyn bitaraplyk ýörelgelerine, özara hormat goýmaga we deňhukuklylyga, halkara hukugyň umumy kabul edilen kadalarynyň esasyna daýanýar. Bu mesele dunýä ähmiýetine eýedir. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlanynyň hataryna çykarylan suw diplomatiýasy diňe bir bu möhüm ulgamda uzakmöhletli hyzmatdaşlygy aňlatmak bilen çäklenmän, eýsem öňdebaryjy tejribeleri işläp taýýarlamagy hem alamatlandyrýar. Şolaryň netijeliligi tutuş adamzada hyzmat edip biler.

Türkmenistan suwdan rejeli peýdalanmagyň müňýyllyklaryň dowamynda toplanan baý tejribesine eýe bolmak bilen, ählumumy ýagdaýlary nazara alyp, ony iň häzirkizaman çemeleşmelerinň esasynda ösdürýär hem-de halkara ekologiýa başlangyçlary bilen çykyş edýär.

Şol başlangyçlaryň biri hem Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýuna sebit merkezini döretmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda çykyş edip, suw meselesi şu Merkeziň işiniň aýratyn ugurlarynyň biri bolup biljekdigini belledi.

Suwdan peýdalanmak babatdaky hereketleriň oýlanyşyklylygynyň hem-de oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň derejesiniň, azyk howpsuzlygynyň arasyndaky özara baglanyşygyň bardygy äşgärdir. Beýleki tarapdan, ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän ekologiýa çäreleri milli ykdysadyýetiň ösüşiniň täze şertine, tutuş halk hojalygynyň çäklerinde tebigatdan peýdalanmagyň düýbünden täze nusgasyna geçmek üçin ygtybarly esasa öwrülýär.

Suw hojalygy pudaklaryna ekologiýa nukdaýnazaryndan suw ulgamyna has döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar, şeýle hem suw seişdelerinin rejeli ulanylmagyna gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen degişli çäreler görülýär.

Suwuň strategiki ätiýaçlyk gorlaryny döretmek ýurdumyzda durmuşa geçirilýän deňi-taýy bolmadyk taslamanyň maksatlarynyň biridir. Munuň özi Garagum sährasynda “Altyn asyr” türkmen kölüniň gurluşygy bilen baglanyşyklydyr. Ol daşky gurşawa, şol sanda geologik köpdürlüligiň artdyrylmagyna oňyn täsir edýär. Onuň zeýkeşlerinde balyklaryň dürli görnüşleri mesgen tutupdyr hem-de kölüň kenarlarynda emele gelen tokaýlyklarda guşlaryň köp görnüşine duş gelmek bolýar. Kölüň suw ulgamy çölüň gazaply howasynyň ýumşamagyna hem oňyn täsirini ýetirer.

Jennet MUHAMMETGULYÝEWA,

Döwletmämmet Azady
adyndaky Türkmen milli dünýä
dilleri institutynyň 5-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok