Suratkeş Polat Garryýewiň döredijiligine bagyşlap

Halkymyz Garaşsyzlygyny alanyndan soňra döredijilik adamlaryna erkin işlemäge giň ýol açyldy. Türkmen halky öz milli mirasyna eýe boldy, ony täzeden dikeldip aýaga galdyrdy. Bu özgerişleri wasp etmek we halk köpçüligine ýetirmek medeniýet we sungat işgärleriniň paýyna düşýär. Sungat adamsy bolmak ähli kişä başartmaýar, çünki sungat zehinden başlanýar. Kämillige ýetmek üçin bolsa köp zähmet çekmeli.  Şahyrlar – goşgulary bilen, ýazyjylar – öz işleri bilen, sazandalar – sazy bilen, nakgaşlar bolsa – öz eserleri bilen bu özgerişleri wasp etdiler.           

Ynha şeýle irginsiz zähmeti bilen kämillige ýetip, türkmen şekillendiriş sungatynyň ösmegine özüniň filosofiki garaýyşly döreden işleri bilen saldamly goşandyny goşan ussat suratkeşlerimiziň biri Polat Garryýewi bellemek bolar.                  

Halypamyzyň her bir  eserlerini  synlanyňda, onuň  zehinli nakgaşdygyna,  hakyky sungat adamsydygyna göz ýetirmek bolýar. Çünki ol eserlerine özüniň ruhuny, dünýägaraýşyny siňdirýär. Onuň eserlerinde adamzat ömrüniň manysy barada oýlanmaga mejbur edýän filosofiýamyza degişli eserleri, özüniň çuňňur pikirlere mahsus bolan simwoliki eserleri hem aýratyn orun eýeleýär. Bulardan başga-da, biziň halkymyzyň bütin adamzat taryhy bilen eriş-argaç bolup, asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan taryhymyzdan aýry-aýry pursatlary ünsüni özüne çeken şekilleri eserlerinde beýan edipdir. Ine, zehinli  suratkeşimiz şu agzan ugurlaryň, temalaryň her birinden onlarça, onda-da synçylary, ýörite hünärmenlerimizi haýrana goýan eserleri döretdi. Olaryň her biri-de many-mazmuny, çeperçilik aýratynlyklary, suratkeşiň duýup we berip biliş ussatlygyny  görkezýän eserlerdir.            

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň üç gezek ýeňijisi, ussat suratkeş Polat Garryýew 1967-nji ýylyň 12-nji fewralynda, Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde eneden bolýar. Çagalyk ýyllaryndan başlap surat çekmäge bolan uly höwesi onuň sungat adamsy bolup ýetişmegine itergi berýär. Polat Garryýew Ş.Rustaweli adyndaky Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesine okuwa girýär we şekillendiriş sungatyna gadam basýar. Talyplyk ýyllaryndan başlap ol ajaýyp eserleri döretmäge başlaýar. Okuwy üstünlikli tamamlaýar we bilimini artdyrmak maksady bilen, Daşkendiň  K.Begzadyň adyny göterýän (öňki A.N.Ostrowskiý) Çeperçilik sungaty institutynda okaýar we ony üstünlikli tamamlap, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda mugallym bolup işe başlaýar. Häzirki wagta çenli hem ussat suratkeşimiz ýokary okuw mekdebiniň “Nakgaşçylyk we taslama” kafedrasynyň uly mugallymy bolup, talyplara sungatyň inçe syrlaryny, sungatda öz ýoluňy tapmagy yhlas bilen öwredýär.                                                                    

Suratkeş öz köpsanly eserlerini simwoliki we filosofiki akymlaryň üsti bilen ýerine ýetirýär. Polat Garryýewiň eserleri Türkmenistanda we döwletiň çäginden daşarda, ýagny Turkiýe, Özbekistan, Eýran, Russiýa, Beýik Britaniýa, Hytaý ýaly döwletlerinde sergilere gatnaşyp türkmen nagkaşçylyk sungatynyň dünýä tanatmakda uly ähmiýete eýedir. Suratkeş mugallymçylykdan daşary döredijilik işleri bilen hem meşgullanýar. Onuň döreden eserlerinden Marynyň Döwlet kitaphanasy üçin çekilen “Miras” eser ýygyndysyny, “Bazar güni” (2012ý), “Gadyr gije”, “Tükeniksiz aladalar”, “Pyragy”, “Hasyl”, “Hatyra”, “Hüpüpik”  (2013ý), “Şöhle”, “Ýagty gün”, “Arabalar” , (2014ý), “Üç nar”, “Ýol”, (2015ý), “Çopan”, “Gara garga”,“Ýaşuly”, “Awtoportret”  (2016ý), “Leýli – Mejnun”, “Ylham” ,“Ümürli gün” (2017ý), “Ene daýza” (2018ý), “Meniň aýym”, “Döreýiş”, “Azatlyga çykan tumar”, “Köne tamdyr”, “Durmuşyň ýoly”, “Gadymy nusgalar” (2019ý), “1941-nji ýyl hüwdi”, “Meňli” (2020ý) atly işlerini agzmak bolar.       

P.Garryýewiň “Gadyr gije” atly eserde suratkeşiň pelsepe pikirleriniň täsirini özünde jemleýär. Eserde köneje gapysy bolan öýi, çala açylgy duran gapyny, öýe girip gidýän aýak yzlary, ondan görünýän ýagty şöhläni we jaýyň üstüne abanyp duran gara kölegäni görmek bolýar. Suratkeşiň bu eseri musulman baýramlarynyň biri bolan Gadyr gijesi bilen baglanşykly  bolup, ynamlara görä, bu gijede edilen arzuwlar hasyl bolýar. Eserdäki gara kölege bolsa, öýe abanyp duran gaýgy – aladalary aňladýar. Öýüň içine girip gidýän ýagty saçyp duran ýagtylyk bolsa – hasyl bolmaly arzuwlary, ýagşy niýetleri görkezýär.                    

Suratkeşiň “Hatyra” atly işi hem, jan we ruh, o dünýä baradaky pikirleri özünde jemleýän eserleriniň biridir. Çylşyrymly häsiýeti özünde jemleýän eserde ýapylgy gapyny eli hasaly garrynyň salgymyny we bu garrynyň gapyda galan el yzy suratlandyrylýar. Ynsan bu durmuşyň myhmanydyr. Baýlyk, mal-mülk, gözellik bular geldi-geçer zatlardyr. Awtoryň pikirine görä,  bu dünýäde baky galjak zat adamyň öz eli bilen eden işidir. Şonuň üçin ýerine ýetirilen her bir gowy işleriň hatyra bolup, adamlaryň aňynda hemişelik galjakdygy baradaky filosofiki pikirleri nakgaş bu eserinde görkezmek isleýär. Şol pikirler eserde ýerlikli amala aşýar we çuňňur täsirlere gaplap alýar.                                                             

Häzirki günde, nakgaşyň öz eserlerinde çuňňur filosofiki pikirlerini tomaşaça ýetirmekiligi başaran ussatdyr. Onuň her bir eserinde umman deýin çuň many ýatyr. Ol dürli nyşanlaryň, tymsallaryň kömegi bilen  döredýän eserlerine her bir tomaşaçyny oýlanmaga, durmuş hakda pikirlenmäge mejbur edýär. Bu eserler diňe bir ýaşlara terbiýe bermekde däl, eýsem dürli ýaşdaky adamlar üçin nusgalyk, nesihat eserlerdir. Polat Garryýewiň eserleri edep-terbiýe çeşmesidir diýsek ýalňyşmarys.  

.

 Jennet Kurtyşewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň “Sungaty öwreniş”
kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok