Ýakynda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň işgärleri ýerli çig maldan kalsiý nitratynyň tetragidratyny almagyň usulyny işläp düzdüler.
Kalsiý nitraty esasan hem senagat önümçiliginde, hususan-da, sowadyş ulgamyny – sowadyjy diňleri we suw bilen üpjün edýän geçirijileri poslamadan goraýan reagent hökmünde giňden ulanylýar. Şeýle-de bu täze usul arkaly alynan organiki däl birleşme oba hojalygynda azot dökünleri hökmünde hem ulanylyp bilner.
Himiýa institutynyň işgärleri bu maddany azot kislotasynyň esasan kalsiý karbonatdan ybarat tebigy hek daşy bilen pes temperaturada zyýansyzlandyrylmak arkaly almagy başardylar. Alymlar bu täze usulda, reaktiw hökmünde Marynyň «Maryazot» önümçilik birleşigi tarapyndan öndürilýän konsentrirlenmedik, himiki, organiki däl kislotany we gaýtadan işlenýän mermer galyndylaryny, himiki taýdan çöken heki, mineral kalsiti ulandylar.
Synag ýerli çig maldan sintezlenen önümiň suwuň kalsiý we karbonat gatylygyny artdyrýandygyny we turbalary poslamakdan gorap saklaýan kislota-aşgarly gorag gatlagy bilen üpjün edýändigini görkezdi.
Belläp geçsek, daşary ýurtly alyjylar her ýyl diňe Gyýanly polimer zawodyndan 100 tonnadan gowrak kalsiý nitratyny satyn alýarlar.
Aýnur KUWATNIÝAZOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler