Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidenti çykyş edip «Bilşiňiz ýaly, men iki ýyl mundan ozal pygamber ýaşyny arka atdym. Bu gün bolsa özüm babatda ýönekeý bolmadyk netijä gelendigimi beýan edip, ony siziň bilen maslahatlaşmak isleýärin.
Men ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň ruhy şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul bilýärin.
Özümiň toplan uly durmuş hem-de syýasy tejribämi bolsa mundan beýläk Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýärin.” diýip belledi.
Türkmenistanyň Prezidentini bu başlangyjy Halk Maslahatyna gatnaşyjylar tarapyndan goldanyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlar baradaky bu başlangyjadan ugur alyp, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradowa, Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunçylygy esasynda degişli işleri geçirmek boýunça tabşyryk berdi.
Teswirler