Lukman alymlar gözdäki gan basyşy bejermek üçin gözüň içine belok garyndysyny sanjym etmek esasynda täze bejergini işläp düzdüler.
Northwestern uniwersitetiniň lukmançylyk mekdebiniň gözlegçiler topary gözdäki gan basyşyny bejermegiň täze usulyny oýlap tapdylar.
Häzirki wagtda dünýäde 60 milliondan gowrak adamyň göz basyşy meselesi bar. Altmyş ýaşdan uly adamlarda körlüge getirýän meseleleriň biri gözdäki gan basyşydyr. Şeýle hem 0-3 ýaş aralygyndaky kiçi çagalarda ýüze çykýan “dogabitdi başlangyç glaukoma” diýilýän keseliň bir görnüşi bar. Häzirki wagtda gözdäki gan basyşy üçin işlenip düzülen göz damjalary, dermanlar we lazer bejergileri bar bolsa-da, keseli doly bejermek mümkin däl.
Northwestern uniwersitetiniň professorlary glaukomany bejermegiň täze usulyny oýlap tapdylar. Gözlegçiler ilki bilen gen redaktirleme usullaryny ulanyp, göz basyşy bilen baglanyşykly syçanlaryň üstünde birnäçe synaglary geçirdiler. Soňra bolsa gurluşy zaýalananlygy sebäpli genleriň işlemezligi sebäpli ýüze çykýan kynçylyklary ýok etmek üçin syçanlaryň gözüne belok garyndysyny sanjym etdiler. Netijede, syçanlaryň gözleriniň kadaly ýagdaýa gelendigi göründi. Mundan başga-da, bu sanjym usuly bilen dogabitdi göz keselleriniň döremeginiň öňüni alyp boljakdygy kesgitlenildi.
Ogulgerek WELIÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.
Teswirler