Dünýäniň iň gymmat kitaby

Italiýaly suratkeş, binagär, heýkeltaraş we alym Leonardo da Winçi taryhdaky iň gymmatly kitaby, ýagny “Lesteriň Kodeksini” ýazmak bilen, ol bu eseriniň üstünde 4 ýyldan gowrak wagt işläpdir. Leonardo da Winçiniň bu kitaby häzirki güne çenli ýer ýüzünde iň gymmat kitap hasaplanýar. 1506-1510-njy ýyllar aralygynda meşhur alym Milan şäherinde bolan wagtynda öz işinde logiki netijeleri seljermek bilen, synlamalaryny, ylmy netijelerini beýan etdi. Kitabyň esasy aýratynlygyda ondaky ýazgylary diňe aýnanyň şöhlelenmesiniň esasynda okamaklyk mümkin bolýar. Şeýle hem ondaky ýazgylara çyzgylar, täsirli suratlar, diagrammalar, matematiki hasaplamalar girizilipdir. Jemi göwrümi 72 sahypadan ybarat kitapda şeýle pikirler dogrusynda söz açylýar:

Aýyň näme sebäpden şöhle saçýandygy;
Galyndylaryň ýer ýüzüne nirden gelendigi;
Howanyň planetanyň “jany” bolandygy we ş.m.

Ençeme ýyllaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelen kitap 1980-nji ýylda gadymy zatlary ýygnaýjy A.Hammer tarapyndan satyn alnypdyr. Soňra kitap ýene 1994-nji ýylda auksiona çykarylypdyr. Birnäçe wagtdan soň gymmatly kitap auksionda dünýäniň meşhur milliarderleriniň biri bolan Bill Geýts tarapyndan satyn alnypdyr. Ýakyn ýyllarda kitabyň bahasy rekord derejä çykyp, ol 30,8 mln amerikan dollary möçberine deň bolupdyr.

Maýsa ÝUSUPOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok