Ýertudana hakynda bilmek gyzykly

  • Ýertudana – rozalar maşgalasyna degişli miwe bolup, tohumlary miwesiniň daşynda ýerleşýändir.
  • Ýertudanany ilkinji bolup ýüze çykaryjylar amerikalylar hasap edilýär.
  • Amerikaly alymlar gök reňkli ýertudanany balyk genini sanjym edip ösdürip ýetişdirdiler.
  • Eger-de, ýertudanany dişiňize yzygiderli sürtseňiz, miwe dişleri agartmaga ukyplydyr.
  • Ispaniýa döwleti ýertudanalaryň iň köp eksport edilýän ýurdy bolup, bu babatda ABŞ-lary ikinji, Meksika bolsa üçünji orny eýeleýärler.
  • Belgiýada ýertudanalaryň dürli görnüşlerini ýetişdirmek üçin ýörite muzeý bar.
  • 2015-nji ýylda Ýaponiýada ösdürilip ýetişdirilen ýertudana dünýädäki iň uly ýertudana hasap edilip, onuň agramy 250 grama deňdir.
  • Gündelik sekiz sany ýertudana C witamini zerurlygynyň 100 göterimini kanagatlandyryp bilýär.
  • Dünýäde ylmy taýdan atlandyrylan ýertudananyň 20-den gowrak görnüşi bardyr.
  • Hytaý ýertudana önümçiligi boýunça öňdeligi eýelemek bilen, bu ýerde ýylda 3 million tonna golaý ýertudana ýetişdirilip, dünýä bazarlaryna çykarylýar.
  • Ýabany ösýän ýertudanany Amerikalylar we Gadymy Rimliler derman serişdesi hökmünde ulanypdyrlar.
  • Ýertudananyň daş ýüzünde 200-e golaý tohum bolup, bu miwäniň tohumlary bilen dürli görnüşli miweleri hem ýetişdirilýär.
  • Ýertudana düzüminde limona garanda has köp şeker saklaýar.

Güljemal ÝAZOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok