Alymlar diňe Ýeriň mantiýasynyň aşaky böleklerinde emele gelýän täze mineral tapdylar. Bu mineral “davemaoite” diýlip atlandyryldy.
Bilermenleriň aýtmagyna görä, almaz adatça Ýeriň üstünden 120 km bilen 250 km aşagynda ýüze çykýar. Ýöne almazyň 660 km-den gowrak çuňlukda, Ýeriň mantiýasynyň aşaky böleklerinde emele gelmegi hem mümkindir. Alymlar almazyň kömegi bilen Ýeriň içki gurluşy barada maglumat ýygnamagy başardylar.
Alymlar rentgen arkaly Ýeriň has çuňlugynda ýerleşýän almazlary gözden geçirip almazyň içinde galan täze mineralyň kiçijik kristallaryny tapdylar. Kristallaryň himiki gurluşy köpçülikleýin spektrometriýa usuly bilen derňeldi.
Geçirilen seljermeleriň netijesinde kiçi kristallarda kub şekilli kristallardan ybarat kalsiý silikatynyň görnüşiniň bardygyna göz ýetirildi. Alnan bu mineral “davemaoit” diýlip atlandyryldy.
Çaklamalara görä, “davemaoite” 660 km-den 900 km çuňlukda temperatura we basyş şertlerinde mantiýanyň aşaky böleklerinde emele gelýär.
Adyl BERKELIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler