Uçara öwrülip bilýän awtoulag uçuş synaglaryndan üstünlikli geçip, uçuş şahadatnamasyny aldy.
Slowakiýada kyn uçuş synaglaryndan geçip, “AirCar” atly gibrid awtoulag uçary uçuş şahadatnamasyny aldy. Şahadatnama almak üçin “AirCar” jemi 70 sagat dowam eden uçuş synagyny tamamlady we 200-den gowrak uçuş we gonuş amala aşyrdy. Uçýan awtoulagyň uçuş synaglarynyň Ýewropanyň awiasiýa howpsuzlyk gullugynyň (EASA) standartlaryna laýyklykda geçirilendigi mälim edildi.
“AirCar” 12 aýyň içinde satuwa çykarylar. Islendik ýangyç bekedinde satylýan 1,6 litrlik hereketlendiriji we ýangyç bilen işleýän uçýan awtoulagyň takmynan 5500 metr belentlikde uçup biljekdigi mälim edildi. “AirCar”-yň ýakyn wagtda Parižden Londona uçmagyna garaşylýar.
Uçar ýaly uçýan we gonýan ulagy dolandyrmak üçin uçuş ygtyýarnamasy zerurdyr. Bir tarapdan, käbir kompaniýalar uçarmansyz awtonom uçuş we gonuş üçin birnäçe işleri alyp barýarlar.
Aýgözel AMANMYRADOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.
Teswirler