Dünýädäki iň gymmat USB maglumat göteriji

Innowasiýalaryň we kämil tehnologiýalaryň ösen asyrynda dünýädäki iň gymmat bahaly USB maglumat göterijisini Şweýsariýanyň şaý-sep kompaniýasy bolan “La Maison Shawish” öndürýär. Operasion ýady 32 Gb deň bolan bu maglumat göterijiniň daşky görnüşi kömelek şekilinde bolup, daşky dizaýny gymmat bahaly daşlaryň we metallaryň bölejikleri bilen utgaşýar. Bu özboluşly dizaýny dörediji Mohamed Şawiş bolup, USB-niň ortaça bahasy 37 müň amerikan dollary möçberindedir.

USB maglumat göterijiniň daşky dizaýny boýunça dürli reňkli we bezegli görnüşleri bar. Özboluşly hem-de kaşaň bezegli bu USB türkmençä terjime edilende “Jadyly kömelek” diýen manyny berýär. Onuň bezegi üçin ýakut, zümerret, göwher, rubin ýaly gymmat bahaly daşlar peýdalanyldy. Maglumat göterijini USB portuna birikdirmek üçin birleşdirijisi “kömelegiň telpejiginiň” aşagynda ýerleşdirilen. Umumy agramy 9,18 karat bolan göwher daşlary we agramy 0,6 karat bolan zümerret daşlary USB maglumat göterijiniň daşky görnüşini has-da baýlaşdyrýar. Çarçuwasyna agymtyl gyzyl we platina çaýylan. Dizaýny dörediji USB maglumat göterijiniň asylky nusgasyndan biraz elýeterli görnüşlerini-de hödürleýär. Ýagny 24 müňden 16,5 müň aralykdaky bahalary-da döredildi. Olaryň daşky bezeginde ýakut (11,34 karat) hem-de rubin (11,34 karat) daşlary ulanylypdyr. Dizaýner M.Şawiş mundan ozal 150 karatlyk göwher daşlaryndan ybarat bolan ýüzügi hem dünýä jemgyýetçiligine hödürläpdi. Mundan başga-da bu USB maglumat göterijini ýanyňda howpsuz saklamak üçin asma enjamy hem bar. 

Nariman MURTAZAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok