Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim ulgamyny düýpli özgertmek we ösdürmek babatda alyp barýan döwlet syýasaty giňden durmuşa ornaşdyrylýar. Talyp ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmaklary ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Ylym-bilim bilen birlikde talyplar döredijilik bilen hem giňden meşgullanýarlar. Ata-babalarymyzdan häzirki güne ýetip gelen milli mirasymyzy wagyz etmäge ähli şertler döredilýär.
“Halkyň Arkadagly zamanasy” atly şygar bilen dabaralanýan ýylymyzda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda “Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi” mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hem-de Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyplarynyň “Dünýä ýaň salan sungat” atly sergisi geçirildi. Bu sergide ýaş talyplaryň zehinlileri öňe çykarylyp, milli mirasymyzy wagyz edýän taslamalary bilen çykyş etdiler. Türkmeniň gündeki durmuşy, toý-dabarasy, medeni gymmatlyklary, milli mirasymyzyň şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşlerinde açylyp görkezildi. Dutar ýasamak senedi, bagşyçylyk sungaty bilen bagly geçirilen bu dabaraly serginiň esasy maksady ýaş nesillerde watançylyk duýgularyny oýarmak, gelejekki ýaşlara biziň milli mirasymyzy ýitirmän aýap saklamak maksady bilen geçirildi. Talyp ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary bilen bilelikde milli mirasymyzy gorap saklamak esasy wezipeleriň biridir.
.
Jemal Toryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň mugallymy.
Teswirler