Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Amanlyýew Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde ýerleşýän “Anadolu” habar agentliginiň merkezi edarasyna baryp gördü. Orien.tm web saýtynyň habaryna görä, duşuşygyň barşynda habar agentliginiň baş direktory Serdar Karagöz Türkiýedäki bu öňdebaryjy, iň uly we iň gadymy habar gullugynyň işleriniň guralyşy barada çykyş etdi.
Serdar Karagöz öz çykyşynda doganlyk Türkmenistan baradaky habarlaryň möçberini ýokarlandyrmak isleýändiklerini we bu guramanyň halkara habarlaryny ýaýratmakda ileri tutulýan ugurlaryň biridigini belläp geçdi.
Işanguly Amanlyýew öz gezeginde Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde metbugatyň ornunyň uludygyna ünsi çekdi. Muňa mysal edip, geçen ýyl Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň Aşgabat şäherine eden sapary wagtynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) we “Anadolu” habarlar agentliginiň arasynda hyzmatdaşlyk barada şertnama gol çekilendigini ýatlatdy.
Guwanç BAÝJAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby.
Teswirler