Astronomlar, şu wagta çenli Ýere iň ýakyn äpet guýrukly ýyldyzyň (kometa) üstüni açdylar. Bu guýrukly ýyldyzyň ozal iň uly kometa hasaplanýan “Hale-Bopp” kometasyndan takmynan 2 esse uludygy anyklandy.
Şu wagta çenli iň uly kometa, 1995-nji ýylda açylan we 1996-njy ýylda göze görnen 46 mil (74 kilometr) giňlikdäki kometa “Hale-Bopp” hasaplanylýardy. Şeýle-de bolsa, täze gözlegden soň, 2021-nji ýylda ýüze çykarylan täze guýrukly ýyldyz “Hale-Bopp”-dan öňe geçmegi başardy.
“2014 UN271” kody bilen we “Berdandinelli-Bernşteýn” ady bilen tanalýan kometa şu wagta çenli açylan iň uly kometa boldy. Hasaplamalar kometanyň “Hale-Bopp”-dan takmynan 2 esse uludygyny ýüze çykardy.
Astronomlaryň aýtmagyna görä bu täze açylan kometa 2031-nji ýylda Ýere iň ýakyn çäge geler. Doly we takyk hasaplamalar üçin Pensilwaniýa uniwersitetiniň, Waşington uniwersitetiniň, Parižiň Obserwatoriýanyň maglumatlaryndan peýdalanyldy. Alymlardan we astronomlardan ybarat topar kometanyň massasyndan çykýan mikrotolkun radiasiýasyny gözden geçirip, ýagty tolkun uzynlyklarynyň şöhlelendirilmegi netijesinde kometanyň ululygynyň diametri 137 km bolandygyny anyklady.
Guýrukly ýyldyzyň Ýer bilen Günüň arasyndaky takmynan aralygy 150 million kilometre deňdir. Ýagny, kometa Günden takmynan 19 esse uzakda ýerleşýär.
Akgül AMANSÄHEDOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň talyby.
Teswirler