INTERNET ULANYJYLARYŇ SANY BARHA ARTÝAR

Häzirki wagta ýer şarynda işjeň internet ulanyjysynyň 4,8 milliarda ýetendigi mälim edildi. Ýagny, bu görkeziji dünýä ilatynyň 60 göterimine deňdir. Internet ulanyjylarynyň sany her ýylda 5,7 göterim artýar, ýagny soňky bir ýylda ulanyjylaryň sany 257 million köpelipdir. Şeýle hem, internet ulanyjylaryň 92 göterime golaýy mobil enjamlar arkaly birikýärler.

Ýewropa ýurtlarynda häzirki wagta ilatyň 96 göterimi üçin aragatnaşygyň has ösen görnüşi elýeterlidir. Bu ugurda Birleşen Arap Emirlikleri, Şwesiýa we Daniýa ilat sanyna görä internetiň elýeterliliginde öňdäki orunlarda durýandyr. Emma internet ulanyjylarynyň umumy sany göz öňünde tutulanda bolsa, Aziýa öňdeligi eýeleýändir. Ýagny, internet ulanyjylaryň sany bu ýerde 2,5 milliarda ýetýändir. Ýewropa bolsa, Aziýadan soňky orunda bolup, 728 million adam internetden işjeň peýdalanýar. Mundan başga-da, Hytaýyň Internet tory maglumat merkeziniň (CNNIC) hasabatyna görä, Hytaýda internet ulanyjylarynyň sany 1 milliarddan geçendigi, ýagny ýurduň ilatynyň 71,6 göteriminiň internet ulanyjysydygy maglumatlar esasynda habar berildi.

Häzirki wagtda, bu ýerde internet arkaly sargyt edilýän harytlaryň sany barha artýandygy bellenilýär. Ýagny, berilýän maglumatlara görä, internet ulanyjylarynyň ýarysyna golaýynyň onlaýn haryt sargyt edýändigi aýdylýar. Şeýle hem, «Douyin» atly «TikTok»-yň hytaýça nusgasy bolan wideo platformasynyň ulanyjylarynyň sany hem 6 göterim ýokarlanyp, 943 million adama ýetipdir. Mundan başga-da, «Alibaba»-nyň «Alipay» we «Tencent»-iň «WeChat» töleg ulgamlaryndan peýdalanýanlaryň sany 8 göterim artyp, 872 million ulanyja ýetipdir.

Parahat NURYJYKOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok