Dünýä suwlarynyň himiýasy

DEŇIZ SUWUNDA HIMIKI ELEMENTLERIŇ NÄÇE MUKDARY BAR?

Deňiz suwunda azyndan 72-92 aralygynda tebigatda erkin halynda gabat gelýän himiki elementler barlanyp tapyldy. Olaryň köpüsi deňiz suwunda örän az mukdarda duş gelýär. Megerem deňiz suwunda, ýerde tebigy taýdan duş gelýän ähli elementler bardyr diýip aýdýarlar.

DEŇIZ SUWUNDA ERÄN GATY MADDALAR NÄÇE MUKDARDA?

Deňiz suwunda gaty maddalar 1 km3 40 mln tonna golaý erändir.

DEŇIZ SUWUNDA HEMIŞELIK MUKDARDA MIKROELEMENTLER SAKLANÝARMY?

Deňiz suwunda mikroelementler hemişelik mukdarda saklanmaýardiýip jogap berse bolar. Ýagny, käbir elementler: alýuminiý, mis, galaýy, wismut we ş.m. umumy saklanyş göterimine deň ölçegli däldir.

DEŇIZ SUWUNDA HAÝSY GAZLAR ERÄN?

Suwda atmosferadaky ähli gazlar duş gelýär, käbir halatlarda howadakylara garanyňda başga görnüşlerde. Olardan köp mukdarda azot erän görnüşde, sebäbi ol özüniň hereketsizligi sebäpli biologiki hereketlere gatnaşmaýar. Belli bir mukdarda kislorod we kömürturşy gazlary gabat gelýär. Argon, geliý we neon gazlary hem az mukdarda gabat gelýär. Dünýä ummanynyň käbir kislorodsyz ýerlerinde suwda kükürt wodorody emele gelýär, emma atmosferada kadaly şertlerde duş gelmeýär.

DEŇIZ SUWUNYŇ HIMIKI DÜZÜMI NÄME ÜÇIN BIRMEŇZEŞ?

Hemme deňizler öz aralarynda baglanyşýarlar we olaryň suwlary yzy üzülmezden garyşyp durýarlar. Deňziň düýbündäki suwlar hem-de deňziň iň çuň ýerlerindäki suwlar deňziň üstki gatlagyna her 2000 ýyldan bir gaýdyp gelýär, bular ýaly aýlaw eýýäm müňlerçe gezek bolup geçdi, sebäbi deňizler 3 milliard ýyla golaý bar.

DEŇIZ SUWUNDA HAÝSY ELEMENTLER KÖP MUKDARDA DUŞ GELÝÄR?

Deňiz suwunda şu esasy elementler, suwdaky mukdary boýunça yzygiderlilikde ýerleşdirilendir: hlor, natriý, magniý, kükürt, kalsiý, kaliý, brom, uglerod, stronsiý, bor.

Gurbangeldi GURJIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agrohimiýa we topragy öwreniş
kafedrasynyň müdiri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok