Daşary ýurt dillerini kämil öwretmek boýunça netijeli hyzmatdaşlyk

Dil – ynsanlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýýan serişde hasaplanylýar. Döwrebap bilim almakçy bolsaň, döwrebap ylym öwrenjek bolsaň ilki bilen dil bilimiňi kämilleşdirmeklik maslahat berilýär. Türkmen ýaşlaryna daşary ýurt dillerini öwretmeklik Gahryman Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasap edilýär. Dil öwrenmek, dünýä dillerini çuňňur özleşdirmek üçin ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde giň şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň dil ugrundan okadýan mugallymlarynyň kärini kämilleşmekleri, tejribe alyşmaklary barada uly aladalar edilip, yzygiderli kämilleşdiriş okuwlary geçirilýär. Şeýle-de, ýokary okuw mekdepleri bilen okuw merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyklar hem yzygiderli ösdürilýär.

Ýakynda, Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň  mugallymlary “Kämil bilim” okuw merkezinde bolup, şol ýerdäki okuwlaryň gurnalyşy we alnyp barlyşy bilen tanyşdylar. Gurnalan usuly-amaly okuwlarda ýaşlara daşary ýurt dillerini kämil we döwrebap derejede öwretmek, olaryň dil öwrenmek ukybyny dürli usullaryň we ýollaryň  üsti bilen kämilleşdirmek we dil öwrenmage gyzyklanmalaryny has-da artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Usuly-amaly okuwyň dowamynda ady agzalan okuw merkeziniň iňlis dili mugallymy Azat Orazmämmedow sapak berdi. Geçirilen sapak,  gatnaşan mugallymlarda uly täsir galdyrdy. Sapagyň dowamynda iňlis dilini  ösdürmeklik  we öwrenijileriň  sözlük gorlaryny  baýlaşdyrmaklyk maksady bilen dürli çäreler gurnaldy. “Kämil bilim” okuw merkezinde bolan TMDDI-niň mugallymlary geljekde hem şeýle usuly-amaly okuwlary gurnamaklygyň has-da ähmiýetli boljakdygyny bellediler we hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegini göz öňünde tutulýanlygyny nygtadylar.

Azym ÖWEZOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok