Ärdogan twitterden türkmen liderine minnetdarlyk bildirdi

Anadolu gullygy tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik habar berildi.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen  Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Ärdogan öz şahsy Twitter hasabynda, söhbetdeşligiñ barşynda Berdimuhamedowyň koronawirus ýokanjy bilen keselländigi sebäpli özüne we maşgalasy Emine Erdogana tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw edendigini habar berdi.“Gadyrly dostum Berdimuhamedowa tiz sagalmak baradaky arzuwlary üçin minnetdarlygymy bildiryärin we Türkmenistanly ähli doganlarymy mähirli salamlaýaryn” — Rejep Taýyp Ärdogan (@rterdogan) fewral aýynyň 7-si, 2022 ýyl.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok