Alymlar 3D printer bilen janly deri öndürmegi başardylar

Awstraliýadaky Wollongong uniwersitetiniň alymlar topary 3D printerler bilen janly derini almak üçin ulanyp boljak gurluşy öndürdiler.

Deri birnäçe gatlakdan durýar we aýda takmynan bir gezek özüni täzeleýär. Häzirki wagtda laboratoriýa gurşawynda diňe deriniň daşky gatlagy öndürilip bilindi. Laboratoriýa gurşawynda ähli gatlaklarynda gan damarlary bilen güýçli we çeýe derini häzirki wagtda almak başardanok. Bu barada “Biofabrication” ylmy žurnalynda habar berilýär.

Üç ölçegli printerde ulanylýan syýa diňe bir öýjükler üçin zyýansyz bolman, eýsem bu usul bilen döredilen gurluşlaryň çeýeligine we berkligine hem goşant goşýar. Bu gurluşlar eplenilende döwülmeýär we ulanylýan güýç aýrylanda öňki ýagdaýyna gaýdyp gelýär.

 Ýasalan gurluşlaryň içinde gan damarlaryna meňzeýän boşluklar bar. Gurluşyň çeýeligi öýjükleriň ösmegine, tapawutlanmagyna we hereket etmegine mümkinçilik berýär.

 Alymlar, 3D printeri bilen öndüren gurluşlaryny deridäki ýaralary bejermekde gatnaşýan belli bir öýjük görnüşi bilen synagdan geçirdiler we üstünlikli netijeleri gazandylar. Öndürilen gurluşlar öýjükleriň deridäki ýaly tertipde bolmagyna kömek edýär.

Hudaýnazar HUDAÝNAZAROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok