Suwda ýüzmek iň meşhur sport görnüşleriniň biridir. Mundan başga-da, onuň saglyga birnäçe peýdasy bar.
Sagdyn iýmitlenmegiň ýaýramagy bilen sport köp adamlar üçin durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Yzygiderli maşk etmegiň saglyga peýdalydygyny subut edýän köp gözlegler bar. Bularyň ikisi hem adamy has güýçli duýmaga kömek edip, dowamly kesellerden goraýar. Suwda ýüzmek hem iň peýdaly sport görnüşleriniň biridir. Ýüzmek, horlanmak, görnüşiňi saklamak we sagdyn durmuşda ýaşamak isleýänler üçin amatlydyr.
Hünärmenler ululara her hepde 150 minut ortaça işjeňlik ýa-da 75 minut güýçli işjeňlik ýagdaýy saklamagy maslahat berýärler. Bu saglyk üçin gaty zerurdyr. Ýüzmek, tutuş bedeniňizi we ýürek-damar ulgamyňyzyň kadaly işlemegi üçin ajaýyp usuldyr.
Ýüzmegiň peýdalary:
- Süňkleri ösdürmäge we berkitmäge kömek edýär;
- Bogunlary güýçlendirýär;
- Ähli myşsalary işjeň ýagdaýa getirýär;
- Ýürek saglygyna oňaýly täsir edýär;
- Demgysma keselinden ejir çekýänler üçin hem peýdaly;
- Çeýeligi ýokarlandyrýar;
- Artykmaç agramdan dynmaga kömek edýär;
- Beýniniň kislorod almagyny ýokarlandyrýar we umumy gan aýlanyşygyny gowulandyrýar.
Dilşat MUHITDINOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler