Ilkinji notalaryň taryhyndan

Adamlar irki wagtlardan bäri aýdym – saz sungaty bilen gyzyklanyp gelipdirler. Aýdym-saz saz sungatynyň gyzykly we özüne çekiji taryhy bolup, birnäçe döwürleriň alymlary saz sungata özbaşdak ylym hökmünde seredip, ol hakda birnäçe pikirleri aýdyp geçipdirler.

Notalary bir adam oýlap tapdy diýmek ýalňyşdyr. Notalar örän gadymy wagtlardan bäri birnäçe alymlaryň ünsüni özüne çekip gelipdir. Notalar asyrlaryň dowamynda kämilleşip biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Aýdym – saz sungatynda saz seslerini ýazga geçirmek üçin ulanylýan ýörite belgilere nota diýilýär.

Notalar barada, biziň eramyzdan öňki I – VI asyrlarda ýaşap geçen gadymy hytaý sazynyň görnükli wekillerinden Konfusiý, Siun-Szi Li-Szi ýaly birnäçe filosoflaryň hem sazyň tebigatyna, onuň jemgyýeti dolandyrmakda tutýan ornuna bagyşlap ýazan ençeme ylmy işlerinde beýan edipdirler.

Mundan başga-da, biziň eýýamymyzdan öňki ikinji müňýyllykda gadymy siwilizasiýalar notalary palçykdan ýasalan sahypalarda ýazypdyrlar. Şol wagtdaky notalar hem häzirki notalar bilen deň bolmandyr. Notalaryň soňky täze görnüşi italýan ruhanysy Guido Aretinskiý tarapyndan 1025-nji ýylda ýazylan ,,Guido of Arezzo” atly kitabyndan başlanýar.

Notalaryň täze görnüşini esaslandyryjy Guido Aretinskiý notalaryň oýlanyp tapylmagy netijesinde iň meşhur we ilkinji italýan aýdym-saz teoristi hasaplanypdyr. Ýagny, Aretinskiý notalary tegelek görnüşinde, dört kwadrat çyzykdan ybarat bolan çyzykda ýerleşdiripdir. Şeýle hem, Aretinskiý sesler ýerine ýetirilende sesleri ýalňyşdyrmazlyk maksady bilen, notalaryň hersine aýratynlykda at berip, kagyz ýüzüne ýazga almagy ýüregine düwdi. Guido Aretinskiý notalara “Ut, re, mi, fa, sol, la, si” diýip at berdi. Ýöne notalar häzirki wagtdaky görnüşine gelýänçä dürli adamlar tarapyndan üýtgedildi we aňsatlaşdyryldy.

Aýzüleýha ABDYRAHMANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok