Türkmen Lideri Hytaýdan gaýdyp gelip, üç günlük karantinde bolýar

5-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyryn iki günlük sapary tamamlanypdy. Günüň ikinji ýarymynda Türkmen Lideriniň baştutanlygyndaky wekiliýet Türkmenistana gaýdyp geldi.

Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň düzgünnamasyna laýyklykda, arassaçylyk kadalaryny ýerine ýetirmek üçin, Hytaýdan gelen wekiliýet 3 gün, ýagny ýekşenbe, duşenbe we sişenbe günlerinde karantin çärelerini berjaý ederler.

Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer S.Toýlyýewe ýüzlenip, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň düzgünnamasyna laýyklykda, sapardan gaýdyp geleninden soň nähili hereket etmelidigi barada teklibini bermegi sorady. Wise-premýer düzgünnama laýyklykda, arassaçylyk kadalaryny ýerine ýetirmek üçin, sapardan geleninden soň hökmany suratda karantin çärelerini berjaý etmelidigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti, wise-premýeriň beýan eden teklibinden ugur alyp: «Biz karantin çäreleriniň haýsy hem bolsa birini berjaý edip, arassaçylyk talaplaryna görä, iň azyndan 3 gün, ýagny ýekşenbe, duşenbe we sişenbe günlerinde karantinde bolmaly bolarys» – diýip belläpdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok