Bilşimiz ýaly “Google Chrome” dünýäde iň köp ulanylýan brauzer bolup durýar. Hemmämiziň ulanýan bu brauzerimizde ýyllar boýy birnäçe logotip üýtgeşmeleri bolup geçdi.
Ilkinji gezek 2008-nji ýylda peýda bolan we şol döwürde açyk, üç ölçegli we özüne çekiji nyşany bolan “Google Chrome”-yň logosy şu güne çenli üç gezek üýtgedi. Iň soňky habarlara görä, “Google Chrome” ýakynda logosyny dördünji gezek logosyny üýtgedýär.
“Google Chrome”-yň ilkinji logosy, belläp geçişimiz ýaly, üç ölçegli we agyr yşyklandyrylan logotipdi. Elbetde, şol döwürler üçin bu elementler adamlary “Seretseňizläň nähili tehnologiki aýratynlyga eýe” diýmäge mejbur etdi. Soňra bolsa, logo 2011-nji ýylda iki ölçegli boldy we onda yşyklandyryş şeýle-de kölege peýda boldy. 2014-nji ýylda logotip çalşylanda “Google” yşyklandyryşy aýyrdy.
8 ýyldan soň bolup geçen “Google Chrome”-yň logotipiniň üýtgemegi bilen, logotipdäki kölegeler hem aýrylýar we ýönekeý we has sada logotip galýar.
Şeýlelik bilen, “Google Chrome”-yň häzirki zaman marka kesgitlemesi üçin has laýyk logotip hödürlemegi maksat edinýär. Şeýle-de bolsa, logotip dürli platformalarda dürli görnüşlere eýe bolup durýar.
Süleýman MYRADOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Ykdysadyýet we dolandyryş
fakultetiniň talyby.
Teswirler