Türkmen sazy — dostluk mukamy

Islendik millet öz sazy, sungaty, senedi bilen beýik. Dost-doganlygyň, parahatçylygyň nusgasy hökmünde ençeme asyrlardan bäri belentden ýaňlanyp gelen milli aýdym-sazlarymyz gadyr-gymmatyny ýitirmän, halypa-şägirtlik ýoly bilen biziň günlerimize gelip ýetdi.

Ýowuz güýjüň, altyn-zeriň bitirip bilmedik işleriniň aýdym-sazyň, sungatyň bitiren wagtynyň az bolmandygyny Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplaryndan bilýäris. Meşhur Şükür bagşynyň eline hiç bir ýarag alman, öz senedini — türkmen milli dutaryny alyp, doganyny ýesirlikden boşatmagy sazyň dawa-jenjelden üstün gelýändigini, sungat arkaly parahatçylygy döredip bolýandygyny äşgär edýär.

Her bir türkmen maşgalasynyň töründe dutaryň durmagy, mahal-mahal saz çalnyp, bagşy diňlenmegi ata-babalarymyzdan gelýän däplerimiziň biridir. Ýetginjeklikden gursagy sazdan, owazdan ganan çaganyň zehini diýseň özboluşly bolýar. Türkmende ýaňy ýola düşen zehinli sazandanyň «berekellasy» ýetirilende: «Hä, öz-ä çagalykda dutaryň sapyndan dişläne meňzeýär» diýilýär.

Türkmeniň saza bolan höwesi, yhlasy, wepalylygy daşary ýurtlardan gelen myhmanlary hem haýran galdyrypdyr. 1863-nji ýylda Türkmenistanda bolan wenger syýahatçysy Armeniý Wamberi: «Türkmeniň aýdym-saza bolan höwesi haýran galdyrýar. Bu adamlar üçin saz we şygryýet aňrybaşy ruhy lezzetdir» diýip belläpdir. Gündogarşynas alym Aleksandr Samoýlowiç bolsa: «Türkmen bagşylary şol halkyň janly kitaphanasy we saz konserwatoriýasy diýsek-de öte geçdigimiz bolmasa gerek» diýip, türkmen sazyna uly baha beripdir. Hawa, saz türkmeniň hemişelik hemrasy, kyn gününde teselli berýän, toý-baýramlarynda bolsa şatlyk paýlaýan bir gudratdyr.

Halkymyz bu gün öz gadymy sazyny milli owazlar dünýäsinde bitewüleşdirip, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhly dünýäsini mukamlar senasynda giň jahana ýaýýar. Şu ýerde ýurdumyzyň aýratyn tapawutlanan dutar ussalaryna «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen hormatly atlaryň dakylandygyny, şeýle-de, şu ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň geçiriljekdigini aýratyn bellemek gerek.

ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyndan ýene-de bir milliligimiziň orun tapmagy ählimiziň köňül şatlygymyzy goşalandyrdy. Bu hoş habar dutar saz sungatymyzyň mundan buýana-da dünýä ýaýyljakdygyna ynamymyzy artdyrdy.

Altymyrat AGAJANOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok