Ösümlik ýagynyň täsiri

Zeýtun – palmanyň bir görnüşi hasaplanýan yssy ýurtlarda ösýän ösümlikdir. Zeýtunyň miwesinden alynýan ýag ýaşyl, sary reňkde bolup, özboluşly ysy we tagamy bilen tapawutlanýar. Zeýtun ýagy saglyk üçin iň peýdalysy hasap edilýär. Ýagny, ýagyň bu görnüşi kosmetikada hem giňden ulanylýar.

Mekgejöwen – bu ösümlikden alynýan ýagyň düzüminde 12% belok bolup, ol günebakar we zeýtun ýagyndan soň iň köp ulanylýan ýaglaryň biridir.

Palma – ösümlik ýagy, esasan hem birýyllyk ekinlerden alynýan zeýtun, badam, palma ýaly agaçlaryň miwelerinden hem alynýar. Adaty palma ýagy azyk önümlerinde, şeýle hem maşyn ýagy hökmünde we biodizel önümçiliginde köp ulanylýar. Palma ýagy ýangyja ösümlik ýagy, ýagny bioýangyç garylanda, ol adaty ýangyçdan has arassa bolýar. Şol sebäpli hem dünýäniň käbir ýurtlarynda awtobenzinlere belli bir mukdarda ösümlik ýagy goşulýar.

Pagta – ýagynyň goýy gyzyl, goňur reňkli bolup, özboluşly tagamy we ysy bolýar. Iýmitlik ýag hökmünde ulanylýan pagta ýagy margarin öndürmekde hem giňden ulanylýar. Pagta ýagynyň düzüminde palmit kislotasynyň ýokary mukdary saklanýar.

Günebakar – ösümligiň çigidinde 39-45%-i ýag bolup, onuň çigidi ir-iýmiş hökmünde giňden peýdalanylýar. Günebakaryň ýag almak üçin ýörite tohumlary bolýar. Ýagny, bu ösümligiň ýagy margarin önümçiliginde hem ulanylýar. Açyk sary reňkli günebakar ýagynda 15% doýgun we 85% doýmadyk ýag kislotalary bolýar.

Jasurbek GALANDAROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok