Alymlar: “Ösümlikleriň we haýwanlaryň görnüşi ýyl geçdigiçe kiçelýär”

Adamlar ýaly beýleki janly-jandarlar hem günsaýyn ösmegini dowam etdirýärler. Ewolýusiýanyň esasy sebäpleri bolsa adamzadyň edýän işleri we daşky gurşaw şertleri bolup durýar. Täze gözlegler, janly-jandarlaryň köpüsiniň ýaşamak üçin ululygyny, görnüşini we reňkini üýtgedýändigini görkezýär.

Çarlz Darwin, ähli janly-jandarlaryň, şol sanda adamlaryň hem ýüzlerçe ýyl ozal ewolýusiýa netijesinde emele gelendigini öňe sürüp, bar bolan ähli subutnamalary görkezdi. Ähli janly-jandarlaryň ewolýusiýa geçirýändigini we mundan beýläk hem geçirjekdigini aýdyp, Darwiniň pikirleri häzirki wagtda biologiýanyň esasyny düzýär.

 Howanyň we daşky gurşawyň üýtgemegi, beýleki janly-jandarlaryň edil adamlaryň ewolýusiýasy ýaly üýtgemegine itergi berýär. Adamlarda daşky keşbiň we özüni alyp barşyň üýtgemegi adamlaryň ewolýusiýasyny görkezýändigini nazarda tutup, beýleki janly-jandarlarda-da edil şonuň ýaly bolup durýar.

Daş töweregimize seredenimizde bir ösümligiň bir aýda ýa-da bir ýylda üýtgeşiklige sezewar bolýandygyna düşünmesek-de, olar görnüşini täsirsiz ýuwaş-ýuwaşdan üýtgedýärler. Geçirilen gözleglere görä, adam işjeňliginiň janly görnüşlere fenotip üýtgemeleriniň has ýokarydygy subut edildi.

Süleýman MYRADOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Ykdysadyýet we dolandyryş
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok