Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli gutlagynda: «Müňýyllyklaryň dowamynda dutar türkmeniň ýaşaýyş-durmuşynyň aýrylmaz bölegine, merdana ata-babalarymyzyň ruhy syrdaşyna öwrüldi. Babagammar we Aşyk Aýdyň ýaly ussatlaryň yhlasyndan, pähim-paýhasyndan dörän dutar ýasamak, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty nesillerden-nesillere geçirilip, yzygiderli kämilleşdirilip gelindi. «Görogly» şadessany we beýleki dessanlarymyz, Magtymguly, Kemine, Seýdi, Mollanepes, Mätäji, Magrupy ýaly nusgawy şahyrlarymyzyň goşgulary esasynda ýerine ýetirilen aýdym-sazlar halkymyzyň hakydasynda müdimilik orun aldy.» – diýip örän jaýdar belleýşi ýaly, türkmen dutarynyň mahmal owazy türkmen dünýäsiniň milli ruhy mukamyny bütin äleme ýaňlandyrýan jadylaýjy gudratdyr.
Türkmen dutarynyň mahmal owazy barada gürrüň edilende, milli bagşyçylyk sungatynda öçmejek yz galdyryp giden halka meşhur, ägirt ussatlaryň keşpleri – Garadäli gökleň, Weýran bagşy, Körgojaly, Şükür bagşy, Heleý bagşy, Saýyp eje, Sary bagşy, Oraz Salyr, Garly bagşy, Nobat bagşy, Muhy bagşy, Magtymguly Garlyýew, Mylly Täçmyradow, Pürli Saryýew, Sahy Jepbarow, Ödenyýaz Nobatow ýaly bagşylaryň şahandaz syratlary bagşyçylyk sungatynyň diri ensiklopediýasy bolup göz öňüňde janlanýar. Bu ussatlar bagşyçylyk sungatynda täze öwüşginli ýerine ýetirijilik usulyny kämilleşdirmekde öz ukyplaryny, zehinlerini, zähmetini gaýgyrman, halkyň aňynda ebedi ýaşamaga hukuk gazandylar.
Türkmeniň bagşyçylyk sungaty gadymyýet gözbaş alyp gaýdýan milli sungatdyr. Bu sungatyň inçe tilsimlerini öwrenmeklik, türkmen bagşysy diýen abraýly adyň eýesi bolmaklyk üçin gadymy döwürlerde birnäçe ýyl käte onlarça ýyl halypalardan hünär öwrenmeli bоlupdyr. Öz şägirdiniň ussat bagşy bоlup ýetişendigini duýan halypalar оlara pata beripdir. Halypa bagşylar öz şägirtlerine ak patany toý-tomaşaly ýerlerde ak pata berip, olara dutar saz guralyny sowgat edipdirler.
Türkmen halk aýdymlarynyň türkmen dutarynda ýaňlanýan milli saz äheňleri halkymyza mahsus özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Türkmen dutarynda mahmal owaz bolup ýaňlanýan milli halk aýdymlarymyz, ilki bilen, adamzat duýgularynyň içki dünýäsiniň çuňlugyny beýan edýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmeniň gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan bagçylyk sungatyna aýratyn ähmiýet berilýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, türkmen halkynyň dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, bütin türkmen halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda türkmen dutarynyň milli ähmiýeti bütin Ýer ýüzüne jar edildi.
Jumanazar BATMANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň uly mugallymy.
Teswirler