“Pi” sanynyň çäksizdigini nädip bilýäris?

Käbir adamlar sanlary ýatda saklamakda kynçylyk çekýändikleri sebäpli “Pi” sanyny 22-niň 7-ä bölünmegi netijesinde ýatda saklap galýarlar. Bölüniş amalynyň netijesi ýüz göterim takyklygy öz içine almasa-da, amaly goşundylar üçin ýeterlik 99,96% takyk hasaplanylýar.

Şweýsariýaly matematik Annohan Lambert 1768-nji ýylda “Pi”-niň çäksizdigini ýüze çykardy we onuň bahasyny takyk hasaplamagyň mümkin däldigine düşündi. Muny subut etmek üçin “Pi”-niň rasional san däldigini görkezdi.

Rasional sanlar, onluga öwrülende, adatça birnäçe sandan soň netije berýär (mysal üçin, 1/8 = 0.125). Käwagt belli sanlaryň gaýtalanmagy bilen dowam edýärler (4/7 = 0.571428571… ýaly).

Aslynda “pi” sany gadymy döwürlerden bäri ulanylýar (miladydan öňki 2000-nji ýyl). Sebäbi tegelek ýaly köp ulanylýan geometrik obýekt bilen ýakyndan baglanyşyklydyr.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly pi sany, diametri boýunça bölünen tegelegiň uzynlygydyr. Tegelegiň ölçegleri üýtgese-de, bu gatnaşygy düýbünden üýtgemeýär. Şonuň üçin bu matematiki yzygiderlilik diýilýän aýratyn sanlaryň biridir.

Süleýman MYRADOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Ykdysadyýet we dolandyryş
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok