Hozlaryň saglyga peýdasy

Hozlar – mikroelementlere we witaminlere, beloklara we aminoturşulyklara örän baýdyr. Günde hoz ýa-da maňyz iýýän adam bedeninde zyýanly galyndy bolmaýar, ýagny onuň ýüregi we beýnisi has gowy işleýär.

Kedr hozy – düzüminde adam bedeni üçin gerek bolan ýokumly maddalaryň ählisi diýen ýaly bardyr. Kedr hozjagazlary pes immunitetde, aterosklerozda, aşgazan-içege ulgamynyň kesellerinde ulanylýar. Adam kedr hozjagazlaryny iýeninde, ýaralary gutulýar, nemli bardanyň sowuklamasy aradan aýrylýar. Mundan başga-da kedr hozjagazlary ene süýdüniň köpelmegine ýardam berýär, ýadawlygy we dartgynly nerw ýagdaýlary aradan aýyrmaga kömek edýär.

Pisse – ýagny,tokaý hozy diýip atlandyrylýan pisseler E witaminiň we myşsa dokumalarynyň berkemegine ýardam berýän, garramagy haýalladýan belogyň üýtgeşik sazlaşygy bilen tapawutlanýar. Tokaý hozy, ýokary energiýa gymmatlylygy bolany üçin çörekden, süýtden, hatda şokoladdan hem ýokumlydyr. Mundan başga-da, tokaý hozy düzüminde uglewodlaryň az bolanlygy sebäpli pisse berhiz tutýanlar, seýle hem süýp keselden ejir çekýänler üçin hem örän peýdalydyr.

Arahis – ýer hozy ýeňil ýaglaryň hasabyna örän ýokary kuwwatly iýmitleriň biri hasaplanylýar. Arahis hozy kaliý, fosfor, PR B1, B2, D ýaly witaminlere örän baýdyr. Sebäbi, bu mikroelementler ýürek-damar we myşsa ulgamyna, kelle beýnisiniň we bagryň işi üçin örän peýdalydyr. Mundan başga-da arahis ýatkeşligi berkidýär, akyl taýdan işjeňligi artdyrýar.

Keşýu hozy – Gadymy Afrika taýpalarynyň tebipleri diş we diş etiniň kesellerinde giňden ulanypdyrlar. Ýagny, keşýu hozyE witaminine baý bolup, ol süýpbaşdan, teňňeli demrewden we madda çalşygynyň bozulmagy netijesinde dörän beýleki deri kesellerinden ejir çekýänler üçin peýdalydyr.

Göwher MERDANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok