Hazar deňziniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, 1-nji fewralda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirildi.

Geçen 2021-nji ýylda pudagara toparynyň amala aşyran işleriniň netijelerine garalan bu mejlise, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we ugurdaş pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Mundan başga-da mejlisde 2022-nji ýyl üçin çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşyldy we ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Duşuşykda Altynjy Hazar Sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere hem garaldy we Bu ugurda sammitiň dowamynda garalmagy meýilleşdirilýän resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işlere seredildi.

Aýjeren BAÝRAMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok