Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda Aşgabat şäherindäki 83-nji orta mekdebinde okuwçylaryň arasynda robot bäsleşiginiň şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşik dört ugur boýunça geçirilip, okuwçylar bäsleşikde öz taýýarlan robotlaryny ýaryşdyrdylar. Birinji ugur «Manual sumo» diýlip atlandyrylyp, şerte laýyklykda okuwçylar öz robotlary bilen garşydaşynyň robotyny ýapon sumo göreşindäki ýaly, kesgitlenen meýdançanyň daşyna çykarmaly. «Manual sumo» ugry boýunça 97-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Polat Baýramow birinji orna mynasyp boldy.
Ikinji ugur «Manual sumo mini» diýlip atlandyrylyp, bu ugur hem birinji ugra meňzeş bolup, bu ugurda göreş meýdanyna çykarylýan robotlaryň agramy 2 esse ýeňil bolýar. Bu ugurda hem 97-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Dawut Bäşimow ýeňiji boldy.
Robot bäsleşigiň üçünji ugry «Automatik sumo» diýlip atlandyrylyp, onda robotlar dolandyryjy enjam arkaly dolandyrylman, öňünden oturdylan programma üpjünçiligi esasynda özbaşdak hereket edýärler. Bu ugurda bolsa 87-nji orta mekdebiň 10-njy synyp okuwçysy Hojamyrat Eýeberdiýew öňe saýlandy.
Bäsleşigiň dördünji ugry «Line follower» diýlip atlandyrylyp ugruň şertine görä, okuwçylaryň taýýarlan programma üpjünçiligi oturdylan robotlary ýörite çyzylan ýoly dogry yzarlamak boýunça bäsleşdiler. Bu bäsleşikde hem 87-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Annaguly Seýitmyradow ýeňiş gazandy.
Dürli ugurlarda ýeňiji bolanlara diplomlar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Robot bäsleşigiň döwlet tapgyry maý aýynda geçiriler.
Teswirler