KITAPLAR DÜNÝÄSINDEN

Amsterdamda ýerleşýän ,,Deňiz düzgünleriniň ýygyndysy’’ kitap häzirki wagtda dünýädäki iň uly kitap hasap edilýär. Ýagny, bu kitabyň beýikligi iki metr, ini bir metr we galyňlygy bolsa bir ýarym metre deňdir.

Dünýädäki iň agyr kitap Iblisiň Injili diýlip hem atlandyrylýan Kodeks Gigasy bolup, onuň umumy agramy 75 kg-a deňdir.

Leonardo da Winçi tarapyndan ýazylan ,,Lester Kodeksi’’ atly kitap dünýäniň iň gymmat kitaby hasaplanylýar. Bill Geýtsiň eýeçiligindäki bu kitap häzirki wagtda 44 million amerikan dollaryna barabardyr.

Dünýädäki iň köp ulanylýan kitaplaryň biri Injildir. Bu kitabyň 1815-2000-nji ýyllar aralygynda takmynan 4 milliard nusgasy satyldy.

Dünýädäki iň gadymy kitap Bolgariýanyň günorta-günbataryndaky mazardan tapylan golýazma hasaplanýar. Ýagny, bu kitap Sofiýadaky Bolgariýanyň milli muzeýinde, ony tapan we adynyň aýdylmazlygyny isleýän bir adam tarapyndan getirilipdir. Golýazma 2500 ýyl mundan öň ýasalyp, 24 gezek altyn bilen örtülen alty sahypadan ybarat bolupdyr.

2002-nji ýylda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen rus ussasy tarapyndan öndürilen 0,9×0.9 mm ölçegli, A.P.Çehowuň ,,Hameleon’’ hekaýasy dünýädäki iň kiçi kitap hasaplanylýar.

 Beýik Britaniýanyň 1112 tomdan ybarat Mejlis resminamalary dünýädäki iň uly neşir bolup, neşiriň agramy 3300 kg. Ýagny, bu neşiri okamak üçin alty ýyl töweregi irden-agşama çenli okamak gerek bolýar.

XIX asyrda başlanan we 20-nji asyrda beýleki ýazyjylar tarapyndan tamamlanan ,,Nemes sözlügi’’ dünýädäki iň uly sözlügi hasaplanylýar. Sözlük 33 tomdan ybarat we 33,519 sahypadan ybaratdyr.

Bekki ERKINJANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok