Intellektual eýeçilik hukugynyň obýektleri

Intellektual eýeçiligiň ähmiýetiniň häzirki zaman raýat dolanyşygynda günsaýyn artýandygy sebäpli, bu gatnaşyklary pursatsaýyn çylşyrymlaşýar we ykdysady dolanyşykda onuň dürli-dürli görnüşleri ýüze çykýar.

Intellektual eýeçilik hukugynyň obýektlerine intellektual işiň netijeleri we özlerine hukuk goragy berilýän, olara deňleşdirilen indiwiduallaşdyryş serişdeleri degişlidir.

Şular intellektual işiň netijelerine degişlidir:

– ylmy, edebiýat we sungat eserleri;

– kompýuterler üçin programmalar;

– maglumat binýatlary;

– ýerine ýetirijilik;

– fonogrammalar, wideogrammalar;

– radio ýa-da telewizion gepleşikleriň ýaýlymda ýa-da kabel boýunça goýberilmegi (ýaýlymda ýa-da kabelde alyp eşitdirişiň guralmagy);

– oýlap tapyjylyk;

– peýdaly nusgalar;

– senagat nusgalary;

– seleksiýanyň gazananlary;

– integral mikroshemalaryň topologiýasy;

– önümçilik syrlary (nou-hau);

– intellektual işiň Türkmenistanyň kanunçylygynda we halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan halatlardaky başga netijeleri

Ýuridik şahsyň indiwiduallaşdyryş serişdelerine, önümiň, ýerine ýetirilýän işleriň ýa-da hyzmatlaryň indiwiduallaşdyryş serişdelerine şular degişlidir:

– kärhana (firma) atlary;

– haryt nyşanlary we hyzmat ediş nyşanlary;

– harytlaryň gelip çykan ýeriniň ady;

– täjirçilik belgileri;

– Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda indiwiduallaşdyrmagyň beýleki serişdeleri.

Intellektual işiň netijelerine degişli bolan ähli obýektleriň ulanyşy awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar, şeýle hem patent hukugy bilen kadalaşdyrylýar.

Umuman häzirki zaman ykdysady we hukuk ylmynda, şeýle hem bazar gatnaşyklarynyň tejribesinde intellektual eýeçilik hukugynyň obýektleri esasan ýokarda görkezilen görnüşlere we toparlara bölünýär. Emma häzirki döwürde  bazar-ykdysady gatnaşyklaryň, ylmy-tehniki serişdeleriň, multimedia tehnologiýalarynyň tizleşýän depginde ösmeginiň netijesinde, seljerilýän jemgyýetçilik gatnaşygynyň başga görnüşlerde-de hereket etmek mümkinçiligini inkär etmek bolmaz. Çünki, haýsy görnüşde hereket edýändigine garamazdan intellektual eýeçilik öň hem, häzirem, geljekde-de özüniň iň esasy wezipesini-bazar ykdysady gatnaşyklarynyň ösmegini has-da artdyrmak wezipesini ýerine ýetirmekden üzňeleşmez diýmäge doly esas bar.

.

GÜLSENEM HOMMADOWA

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň  
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara
hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň öwreniji mugallymy.

 

                               

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok