Kazan howa menziliniň baş müdiri S.Romantsowyň pikiriçe, 2022-nji ýylda 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende ýolagçy gatnawy 8 göterim ýokarlanar. Şeýlelik bilen, ýakyn ýyllarda kompaniýa 4 milliondan gowrak ýolagçyny daşamaga taýynlanýar.
Tomus möwsüminiň başyndan başlap, Türkmenistan bilen (“Türkmen howa ýollary”) şeýle-de “Smartwings”, “airBaltic”, “AZAL” ýaly beýleki ýurtlaryň awiakompaniýalary bilen uçuşlaryň täzeden başlamagy üpjün ediler. Russiýanyň halkara howa menziliniň ýolbaşçysy şu ýyl pandemiýadan öňki uçuşlaryň sanyna ýetmäge umyt baglaýandygyny nygtady. Şeýle hem, awia kompaniýa ýakynda Germaniýa uçuşlary amala aşyrmak isleýär.
Ýatladyp geçsek, geçen ýylyň 14-nji oktýabryndan bäri her hepde Türkmenabat-Moskwa (Domodedowo) -Türkmenabat aralygynda yzygiderli ýük gatnawlary amala aşyrylýar.
Teswirler