Türkmenbaşy şäheriniň taslama boýunça ýeňiji okuwçylary mälim boldy

«Altyn asyryň altyn zehinleri» alty mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän ders bäsleşiginiň taslama-döredijilik ugry boýunça Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher saýlama tapgyry geçirildi.

Bäsleşikde Türkmenbaşy şäheriniň 7-nji orta mekdebiň 11-nji «A» synp okuwçysy Saparmyrat Çäşemow  we 7-nji orta mekdebiň 10-nji «A» synp okuwçysy Gülälek Annaýewa Balkan welaýat saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Saparmyrat Çäşemow «Ýumurtga gabygynyň adam saglygyna peýdalary we ony gaýtadan ulanmagyň ýollary» taslama işi bilen gatnaşdy. Gülälek Annaýewa bolsa «Uly şäherlerde köpçülikleýin ulag gatnawlaryndan peýdalanmagyň  aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş şertlerine sazlanmagy» taslama işini bäsleşige hödürledi.

Bu okuwçylara mekdebiň geografiýa mugallymy Halmanow Nury ýolbaşçylyk edýär we degişli maslahatlary berýär.

Şeýle-de okaň:
Türkmenbaşy şäheriniň okuwçylary taslama bäsleşigine taýýarlyk görýär
Türkmenistanda ýapon taryhy.
Sagdyn durmuş we ekologiýa medeniýeti ýaşlaryň döredijiliginde.
Gandbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty
Gawun çigidiniň adam saglygyna peýdalary we ony durmuşda ulanmagyň ýollary

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok