Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ösüşini innowasion mazmunda ýola goýmak, ilatyñ iş bilen üpjünçiligini gazanmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak babatdaky wezipeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň: “Biziň borjumyz ýurdumyzy özüniň bagtyýarlyk döwründe ýokary depginler bilen gülläp ösýän, özüni doly derejede üpjün edýän kuwwatly berkarar döwlete öwürmekden ybaratdyr” diýen parasatly sözleri gysga döwrüň içinde oýlanyşykly öňe sürlen milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegi bilen iş ýüzünde amal edildi. Ýurtda döwrüň ösen talabyna laýyk gelýän iri kärhanalar, zawoddyr fabrikler, durmuş maksatly desgalar, içinde ähli şertler döredilen ýaşaýyş jaý toplumlary gurlup ulanylmaga berilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda öndürilýän önümleriň hil görkezijilerini ýokary derejede saklamak, tehnologiki prosessleri awtomatiki dolandyrmak üçin innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaklyk yzygiderli dowam etdirilýär.
Islendik önümçilik tehniki-ykdysady tarapdan esaslandyrylanda ol energiýa babatda tygşytly we netijeli bolmalydyr. Bütin dünýäde elektrik energiýasyna bolan islegiň ýokarlanmagy we şol bir wagtyň özünde elektrik energiýany öndürmek üçin sarp edilýän energiýa çykdajylarynyň gymmatynyň artmagy ulanyşda ýüze çykýan energiýa ýitgilerini üzül-kesil azaltmagyň usullaryny işläp düzmekligi, adaty däl energiýa çeşmelerini gözlemekligi, bu meselä aýratyn ünsli çemeleşmekligi talap edýär.
Şonuň üçin senagat kärhanalarynda dürli görnüşli önümçilik mehanizmlerini herekete getirmek üçin gurluşynyň ýönekeýligi we işiniň ygtybarlylygy bilen beýleki hereketlendirijilerden tapawutlanýan asinhron hereketlendirijiler giňden ulanylýar. Asinhron hereketlendirijileriň aýlaw ýygylygyny we momentini önümçilik prosesleriň talabyna görä sazlamaklygy üpjün etmek önümçüligiň iň wajyp meseleleriniň biridir.
Üçfazaly asinhron hereketlendirjiniň aýlaw ýygylygyny we onuň aýlaýjy momentini tehnologiki prosesleriň talabyna görä takyk sazlamak üçin birfazaly üýtgeýän toguň naprýaženiýesiniň ululygyny we ýygylygyny sazlaýan hem-de üçfazaly toga özgerdýän ýygylyk özgerdiji gurluşy ulanylýar.
Ýygylyk özgerdijiler bilen asinhron hereketlendirijiler iýmitlendirilende olary endigan işe goýbermäge we aýlaw ýygylygyny endigan sazlamaga, asinhron hereketlendirijiniň sarp edýän energiýasyny we beýleki harajatlaryny tygşytlamaga hem-de önümçiligi awtomatlaşdyrmaga giň mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
talyby Perman ÖWEZOW.
Ylmy ýolbaşçysy: Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy Döwletgeldi ÝUSUBOW.
Teswirler