Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi baky Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha berkemeginiň, milli ösüşiň täze sepgitlere gönügip, kuwwatly badalga almagynyň binýatlyk güýjüni aňladýan we ählihalk goldawyna mynasyp bolan şygar hökmünde biziň her birimiziň şatlyk hem-de buýsanç duýgularymyzy goşalandyrdy.
Eşretli günleriň goýnunda erkana ýaşaýan halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin häzirki wagtda beýik işler durmuşa geçirilýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýyl turuwbaşdan ýatda galyjy taryhy wakalara beslenip dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan işleriň rowaçlyklara beslenmegi döwrüň bedew badyny äleme äşgär etdi.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen 2022-nji ýylyň ilkinji gününde hormatly Prezidentimiziň döreden «Jan Watanym Türkmenistan!» atly çuň many-mazmuna ýugrulan goşgusy ruhuňy göterýän, ýüregiňi joşdurýan, ylhamyňy ganatlandyrýan şygar bilen atlandyrylan täze ýylyň joşgunyny artdyran möhüm ähmiýetli waka boldy. Täze şygryny ilkinji gezek maşgala agzalaryna okap bermegi bolsa milli Liderimiziň maşgala däplerine aýratyn sarpa goýýandygyny nobatdaky gezek açyp görkezdi.
Goý, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösüşlere besleýän, halkymyzyň asuda ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Akmyrat ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler