Belent özgerişler bilen ösüşiň rowaçly menzillerini nazarlaýan Türkmenistan döwletimiz gün-günden ösýär, mähriban halkymyz abadan durmuşda agzybir ýaşaýar. Halkyň abadançylygy, ojaklarymyzyň abatlygy bolsa döwletlilikden nyşan. Ýurdumyzda ykdysadyýetde, syýasatda, ylym-bilimde, saglygy goraýyşda durnukly hem-de oňyn ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde döwletimiziň oba hojalyk ulgamynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz obasenagat toplumynyň ýokary depginler bilen ösdürilmegine uly üns berýär. Çünki bu toplum ýurdumyzyň azyk bolçulygy bilen üpjün edilmegi, ilatyň ýaşaýyş derejesi, bolelin hem-de bagtyýar durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu ulgamda dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberiniň günsaýyn artdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda oba ilatynyň öndürijilikli zähmet çekmegi, halal zähmeti bilen baýamagy, ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin ähli şertler döredilýär. Daýhanlar häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary, mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar, dürli himikatlar we beýleki serişdeler bilen doly üpjün edilýär.
Oba hojalygynyň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ýokary netijeli önümçiligi üpjün edýän sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy Mähriban Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmegi üçin pugta binýady döretmek, halkymyzyň abadançylygyny, bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirýän möhüm maksatnamalarynyň düýp özenini düzýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýurt bähbitli amala aşyrýan beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaçlanmagy eziz Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykmagy, halkymyzyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Şeýle döwletli işleriň sakasynda duran Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli belent maksatly tutumlary rowaç alsyn!
Babajan ABDULLAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler