Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň binasynda ylmy-amaly maslahat geçirldi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralýan halkara ylmy-amaly maslahatyň ikinji bölümi Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň binasynda geçirildi. “Merdana türkmen alabaýy — keremli tebigatyň ajaýyp peşgeşi” atly maslahatda güýç-kuwwatyň, hoşmeýilli ruhy güýjüň, ýeňşe bolan çäksiz erkiň nyşany bolan alabaýyň wepalylygyna we edermenligine bagyşlanan çykyşlar diňlenildi.

Bellenilişi ýaly, edermen alabaý Watanymyzyň düýpli özgertmeler we ösüş ýolunyň belent sepgitlerine ýetmekde döredijilik kuwwatynyň janly keşbine öwrüldi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz aladasy netijesinde, asyrlaryň jümmüşine uzaýan milli itşynaslyk däplerimiz häzirki günde şöhratlanyp, täze ösüşe eýe boldy.

27-nji ýanwarda maslahat Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmen halysynyň milli muzeýinde hem-de Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Geçmişden janly ýadygär — merdana türkmen alabaýlary”, “Haly we amaly-haşam sungatynda türkmen alabaýynyň çeper waspy” atly bölümlerde öz işini dowam eder.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 27-nji dekabrynda gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmen alabaýynyň baýramy her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçiler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok