Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralan “Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy” atly halkara ylmy-amaly maslahat we sergi öz işine başlady. Bu barada TDH habar berýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 27-nji dekabrynda gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmen alabaýynyň baýramy her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçiler.
Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen forumyň açylyş dabarasyna we umumy mejlisine Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ylym-bilim ulgamynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, alymlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatyň işine sanly ulgam arkaly Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň daşary ýurtly agzalary hem gatnaşdylar.
Forumyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda, milli taryhy-medeni mirasymyza, arheologik tapyndylara hem-de “tazyguýruk”, “it ýatak”, “güjük yzy” ýaly gadymy göllere bagyşlanan wideoşekiller görkezildi.
Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda amaly-haşam sungatynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň sebitleriniň etnografik ekspozisiýalary dürli döredijilik mekdepleriniň çeperçilik ugruny aýdyňlygy bilen açyp görkezdi. Sergide küýzegärçilik sungatynyň nusgalary, kilimler, haly we haly önümleri, zergärçilik şaý-sepleri görkezildi.
Ýörite meýdançalarda türkmen alabaý itleriniň iň gowularyny görmek bolýar. Alabaýlaryň görkezme çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Olar öz türgenleriniň gulluk buýruklaryny ýerine ýetirmekde ajaýyp taýýarlyklaryny görkezdiler.
Ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisi milli itşynaslygyň tejribesini ösdürmek hem-de wagyz etmek, türkmen alabaýyny terbiýelemegiň, köpeltmegiň aýratynlyklary, alabaýyň gadymylygyny subut edýän arheologik tapyndylar, haly we haly önümleriniň nagyşlarydyr gölleri ýaly meselelere bagyşlandy.
Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlarynda dünýäniň medeni gymmatlyklaryna üns çekildi. Olarda türkmen topragynyň gadymy siwilizasiýalaryň we dünýä ähmiýetli medeni gymmatlyklaryň ojagydygy nygtaldy. Bellenilişi ýaly, türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda adamzadyň ruhy-medeni ösüşine saldamly goşant goşup gelýär.
Maslahatyň Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçirilen “Arheologiýa, maddy däl medeni miras we haly sungaty — umumadamzat medeniýetiniň baýlygy” atly birinji bölüminiň işiniň dowamynda ahalteke atlary, alabaý itleri hem-de dutar bilen baglanyşykly asyrlaryň dowamynda baý tejribe toplan milli sungatymyz barada aýdyldy.
Häzirki wagtda Türkmenistan tarapyndan ÝUNESKO-da bedewleri seýislemek sungatyny hem-de alabaý itlerini köpeltmegiň milli däplerini Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek barada teklip öňe sürülýär.
Tumar Mollaýewa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler