Milli Liderimiz döwletimizde zehinli ýaşlary tapmak, olaryň ukyp-başarnyklarynyň üstüni açmak üçin uly tagallalary durmuşa geçirýär. 2021-nji ýylyň 9-njy iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary esasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň garamagynda halkara gatnaşyklarda ýurdumyzyň bähbitlerine mynasyp wekilçilik edip biljek ýokary bilimli diplomatlary taýýarlamak maksady bilen açylan «Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň» agzalarynyň arasynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň muşdaklaryň sabyrsyzlyk bilen garaşýan I saýlama tapgyrynyň 4-nji oýny 2022-nji ýylyň 15-nji fewralynda «Beýik Seljuk döwletiniň daşary syýasaty we diplomatiýasy» temasy boýunça geçiriler.
Bäsleşigiň I saýlama tapgyrynyň 4-nji oýnuna gatnaşmaga hukuk gazanan okuwçylar okamaklary maslahat berilýän edebiýatlar barada giňişleýin maglumatlar bilen institutyň internet saýtynyň https://www.iirmfa.edu.tm/ “Bildirişler” bölüminde tanşyp bilerler.
Bäsleşigiň dowamynda telegörüjiler üçin hem ýörite soraglaryň hem bardygyny bellemek gerek. Soraga dogry jogap beren ildeşlerimiziň atlary bäsleşigiň indiki sanlarynda agzalyp geçilýär.
Ak öýüň merkezinde goýlan, akyl-paýhas bäsleşiginiň esasy nyşany bolan «Oguz hanyň Altyn ýaýyna» ýetmek bilen baglanyşykly geçirilýän bu bäsleşik çuň filosofiki manyny özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly kitabynda bellenilişi ýaly: «Ýaý – hökümdarlyk, peýkam – ilçi» diýlip hasap edilipdir.
Seýli ARYŞOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara
žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
Şeýle-de okaň:
Sekizburçlykdan çykýan sekiz gudrat özara bäsleşdiler
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi
Teswirler