Ýerewan uniwersitetiniň professory türkmenleriň medeni mirasy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow W.Brýussowa adyndaky Ýerewan döwlet uniwersitetiniň ÝUNESKO-nyň Adam hukuklary, demokratiýa we syýasat ylymlary kafedrasynyň müdüri Tigran Torosýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda myhmany ÝSUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri, türkmenleriň haly dokamak däpleri, Ahal-Teke atlaryny we Alabaýlary ösdürip ýetişdirmek, şonuň bilen bir hatarda dutar çalmak sungaty bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň ahrynda ilçi Muhammetgeldi Aýazow, Tigran Torosýana hormatly Prezidentimiziň “Gadamy batly bedew” atly kitabyny sowgat berdi.

Serdar ŞYHLYÝEW

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok