- Ülje C witamini, karotinoidler we flawonoidler ýaly antioksidantlaryň ammarydyr. Antioksidantlar erkin radikallary zyýansyzlandyrýar we garrylyk bilen baglanyşykly kesellerden goraýar.
- Ýabany ülje Sibirde, Gazagystanda, Başgyrdystanda we Wolga sebitinde duş gelýär.
- Üljäniň düzümindäki antioksidantlaryň immuniteti ýokarlandyrýandygy, bakteriýa we wirus ýaly ýokançlyklardan goraýandygy aýdylýar.
- Ýaponiýada üljäniň Sakura atly görnüşi ösdürilip ýetişdirilip ol özüniň owadanlygy bilen tapawutlanýar. Ýagny, ýaponlar üçin bu agajyň güllemegi şaly ekişiniň başlangyjy hökmünde kabul edilýär.
- Üljedäki süýüm iç gatamanyň öňüni alýar, iýmit siňdirişe kömek edýär. Flawonoidler aşgazan şireleriniň iýmit bölejiklerini ýok edýär.
- Ülje miwesiniň beýnini güýçlendirmek ukybynyň bardygy bellenilýär. Ýagny, üljäniň düzümindäki polifenollar täze maglumatlary netijeli işlemäge we beýnimiz bilen bedenimiziň galan böleginiň arasyndaky aragatnaşygy gowulandyrmaga kömek edýär.
- Angliýada ösýän ülje agajy 150 ýyldan gowrak ýaşaýar we onuň beýikligi 14 metre ýetýär.
- Üljäniň düzüminde B we C witaminler bolup, bu saçyň zaýalanmagynyň we döwülmeginiň öňüni alýar. Munda başga-da, kelle derisini hem çygly saklaýar. C witamini deriňize tebigy öwüşgin berýär.
- Russiýa, Polşa, Türkiýe, Ukraina, ABŞ we Eýran ülje hasylyny almakda öňdeligi eýeleýän ýurtlardyr.
- Ülje miwesiniň düzümindäki serotonin melatonin bilen bilelikde ukynyň hilini ýokarlandyrmak, uky bozulmalary we ukusyzlyk ýaly kesellere garşy göreşmek üçin has hem peýdalydyr.
Laçyn GYLYJOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler