Mukaddeslige siňdirilen zähmete hormat

 Adatça çörek barada söhbet açylanda, ilki bilen onuň mukaddesligi hakyndaky pikirlere salgylanylýar. Çörek – mukaddeslikdir. Baýlyk, bolçulyk, bagt ýaly gözel düşünjeleriň ählisi bu mukaddeslikden başlanýar. Azyklyk ekinleriniň içinde taýsyz bolan “ekinleriň soltany”, ene ýeriň mukaddes “süýdünden” ganan bugdaý dänelerinden biziň mele myssyk çöregimiz önýär. Her birimiziň mukaddes çöregi, bugdaýy harlamazlygymyz gerek, bu gymmatlyklaryň asmandan ýagýan ýagyş ýaly dökülip durmaýandygy dogrusynda pikir öwürmegimiz gerek. Ynsanyň adamkärçiligi, ahlagy ilkinji nobatda onuň duz-çörege bolan hormaty bilen ölçelýär. Çöregiň mukaddesliginiň tarypyny şahyrlaryň şygylarynda hem görmek bolýar.

 Bu barada şahyr B.Hudaýnazarow şeýle belläpdir:

Ýeňil ýazylmady terjimehalym,
Ajykdym, daljykdym, ardym, derledim.
Men ömrümde nanyň owuntygyndan
Sarpaly zat, agramly zat görmedim.

Türkmen çöreginiň aýratyn lezzetli, datly bolmagynyň syry bolsa biziň özboluşly toprak-howa şertlerimizde bugdaý dänesinde peýdaly maddalaryň köp toplanmagyndan, çöregi bişirmeklige siňdirilýän yhlasly zähmetden gözbaş alýar. Ähli döwürlerde-de türkmen halky çöregi mukaddeslik derejesinde hormatlapdyr. Uzak ýola gidilende-de tamdyrdan lowurdap çykan çöregi ýany bilen äkidipdirler. Çünki çörek – uzak ýolda ýoldaşdyr, zähmetsöýer halkymyzyň päk kalby ýaly sahydyr. Halkymyzda çörek bilen bagly yrymlar hem az däl: “Myhman gelende öňünden duz-çörek alyp çyksaň, mertebäň artarmyş”, “Bir obada iki gelnaljy gabat gelse, çörek alyşmaly, ýogsa çile düşermiş”, “Ýerden çörek tapsaň, alyp üç gezek maňlaýyňa degrip, rysgal-döwlet dilemeli”, “Çörek bişirip durkaň, oňa sepelenýän suwy içseň sogap bolar, ol perişde nazary düşen suwmyş”.

Çörek bişirmeklik hem özboluşly sungatdyr. Öz işine ezber, hamrak türkmen zenanlarynyň şeýle mele myssyk çöregi bişirmeklik üçin irginsiz zähmeti siňdirýänligi lowurdap çykan çöregiň datlylygyndan habar berýär, şeýle-de çörek bişirýän tamdyrynyň hemişe gelşikli hem-de abat bolmagy üçin alada edýändigi hem zenan maşgalanyň işeňňirliginiň, öý-ojagynyň eýesiliginiň alamatydyr. Eziz enelerimiziň, mährem zenanlarymyzyň irginsiz yhlasyndan döreýän tyllaýy güne çalymdaş çörekler saçaklarymyzyň gelşigi, bolçulygyň nyşany. Onsaň şeýle mukaddeslige we oňa siňdirilen zähmete neneň hormat goýmajak?!

Goý, her bir asly halal türkmen ojagynda türkmeniň mele myssyk, datly çöregi bereketli saçaklarymyzy bezäp dursun!

Ogulnur ANNAGYLYJOWA,

Daşoguz welaýatynyň Saglygy dikeldiş okuw
terbiýeçilik toplumynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok